8-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Her ýylyň 8-nji martynda bütin dünýäde, şol sanda eziz Diýarymyz Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bellenilýär.

1910-njy ýyl. Fransuz baronessasy Raýmonda de Laroş synag uçuşyny amala aşyrdy we ilkinji zenan uçarman hökmünde taryha girdi.

1934-nji ýyl. Moskwanyň takmynan 180 kilometr günbatarynda, Gžatsk şäheriniň golaýyndaky Kluşino obasynda Ýuriý Alekseýewiç Gagarin dünýä indi. Ol adamzadyň taryhynda kosmosda Älem giňişligine çykan ilkinji şahsyýet hasaplanylýar.

1935-nji ýyl. Ýaponiýada wepalylygyň we eýesine sadyklygyň nyşanyna öwrülen Hatiko lakamly it aradan çykdy. Akita-inu tohumyna degişli bolan bu it hakyndaky film häzirki wagtda iň bir söýülýän kinolaryň biri hasaplanýar. 

1946-njy ýyl. Frontçy türkmen şahyry Çary Aşyrowyň «Ermeni gyzy» goşgusy ilkinji gezek resmi metbugatda çap edildi.

1971-nji ýyl. Boksuň taryhyna «Asyryň söweşi» hökmünde giren duşuşyk bolup geçdi. Bu duşuşykda Jo Freýzer Muhammed Alini ýeňdi.

1978-nji ýyl. Kämil döredijiligi — ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzyň ýüreginde ebedi ýaşaýan şahyr Halyl Kulyýew aradan çykdy. Onuň goşgularynda sadalyk, hoş labyzlylyk, diňleýjä mähribanlyk, öz senedine wepalylyk hem tebigylyk utgaşýar.

1979-njy ýyl. «Philips» kompaniýasy tarapyndan dünýäde ilkinji kompakt-disk (CD) köpçülige hödürlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info