8-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

8 Maý, 2026

Şu gün dünýäde Bütindünýä Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý güni bellenilýär.

1713-nji ýyl. Russiýanyň paýtagty Moskwadan Sankt-Peterburg şäherine geçirildi.

1886-njy ýyl. Lukman Jon Pemberton tarapyndan döredilen «Coca-Cola» içgisi ilkinji gezek öndürildi.

1970-nji ýyl. Ispan futbolçysy we tälimçisi, Olimpiýa çempiony Luis Enrike doguldy.

1975-nji ýyl. Ispan aýdymçysy, belli aýdymlaryň ençemesiniň awtory, prodýuser we aktýor Enrike Iglesias dünýä indi.

1978-nji ýyl. Ilkinji gezek goşmaça kislorod ulanmazdan, Ýeriň iň belent nokady bolan Jumolungma (Ewerest) gerşine çykyldy. Ol Raýnhold Messner we Peter Habeler tarapyndan amala aşyryldy.

2025-nji ýyl. Lew XIV Rim papasy wezipesine saýlanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info