8-nji oktýabrda Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» birinji sammiti geçiriler

MilliInfo
8-nji oktýabrda Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» birinji sammiti geçiriler

8-nji oktýabrda Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bolar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda mälim etdi.

Taryhy duşuşygyň gün tertibi eýýäm taýýarlanyldy we hyzmatdaşlara ugradyldy. Ol bäş sany esasy ugry öz içine alýar: halkara howpsuzlyk we diplomatiýa meselelerini utgaşdyrmakdan başlap, giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyga çenli.

Energetika ulgamyndaky bilelikdäki taslamalar, logistik ugurlary ösdürmek, şeýle hem ekologik wehimlere — howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw serişdelerini dolandyrmak we Araly halas etmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak hem bu duşuşygyň möhüm bölegi bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info