800 million ulanyjy: «ChatGPT» çalt depgin bilen meşhurlyga eýe bolýar

MilliInfo

8 Oktýabr, 2025

«OpenAI» kompaniýasynyň baş direktory Sem Altmanyň beýan etmegine görä, «ChatGPT» ulanyjylarynyň hepdelik sany 800 million adama ýetdi.

Awgust aýynda «OpenAI» her hepdedäki işjeň ulanyjylaryň sanynyň 700 milliona golaýlandygyny habar beripdi, mart aýynda bolsa bu görkeziji 500 million bolupdy.

«Häzirki wagtda 4 million programmist «OpenAI» ulanýar. Her hepde 800 milliondan gowrak adam «ChatGPT» ulgamyndan peýdalanýar. Siziň ähliňiziň tagallalaryňyz netijesinde, emeli aň ýönekeý güýmenjeden adamlaryň her gün programmalary döretmek üçin ulanýan guralyna öwrüldi» - diýip Altman belledi.

Altman bu barada «OpenAI» Developers Day (Programmistler güni) çäresiniň esasy çykyşynda beýan etdi. Şol ýerde «ChatGPT» ulgamynda programmalary döretmek üçin täze gurallar hem aýan edildi.

Ýeri gelende bellesek, «ChatGPT» 2022-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizilipdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info