Geljek möwsümde iňlis klublarynyň 9-sy ýewrokuboklarda çykyş eder

MilliInfo

9 sagat öň

2026/27-nji ýyllaryň möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) dokuz kluby ýewrokubok ýaryşlarynda oýnar.

Ýatladyp geçsek, çarşenbe güni — 28-nji maýda Angliýanyň «Kristal Pelas» topary finalda «Raýo Walýekanony» ýeňip, UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi boldy. Oýun 1:0 hasabynda tamamlandy.

Şunuň netijesinde bolsa klub indiki möwsüm üçin Ýewropanyň ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Topar Angliýanyň çempionatynyň jemleri boýunça ýaryş tertibinde 15-nji orny eýeläp, ýewrokubok zolagyna girip bilmändi.

Şeýlelikde, Ýewropanyň kuboklaryna Angliýanyň şu klublary gatnaşar:

Çempionlar ligasy: «Arsenal», «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted», «Aston Willa» we «Liwerpul»;

Ýewropa ligasy: «Bornmut», «Sanderlend» we «Kristal Pelas»;

Konferensiýalar ligasy: «Braýton».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info