1336-njy ýyl. Samarkantly beýik serkerde, Teýmirler imperiýasynyň esaslandyryjysy Teýmirleň, has takygy Emir Teýmir dünýä indi.
1667-nji ýyl. Parižde taryhda ilkinji gezek sungat eserleriniň köpçülikleýin sergisi geçirildi.
1860-njy ýyl. Fransuz oýlap tapyjysy Eduard-Leon Skott de Martenwil taryhda ilkinji gezek ses ýazgysyny — kagyz ýüzündäki ses tolkunyny amala aşyrdy.
1933-nji ýyl. Fransuz teatr we kino aktýory, «Sezar» baýragynyň we beýleki abraýly sylaglaryň eýesi Žan-Pol Belmondo doguldy. Ol 2021-nji ýylda aradan çykdy.
1938-nji ýyl. Mary şäherinde Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa doguldy. Onuň ýerine ýetiren «Ýagsana ýagyş», «Söýgi aýdymy», «Türkmen halysy», «Gel, Türkmenistana», «Selbinýaz» ýaly aýdymlary halkymyzyň kalbynda ebedi ýaşaýar.
1963-nji ýyl. Uinston Çerçill Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresi tarapyndan «Amerikanyň hormatly raýaty» diýen at berlen ilkinji daşary ýurtly şahsyýet boldy.
1989-njy ýyl. Amerikaly Duglas Engelbart kompýuter syçanjygyny oýlap tapandygy üçin Massaçusets tehnologiýa institutynyň hormatly baýragyna — 5 ýüz müň dollar pul sowgadyna mynasyp boldy.