9-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

9 Iyul, 2026

9-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

1534-nji ýyl. Žak Kartýe keramatly Lawrentiý derýasyny açdy we Kanadanyň taryhyndaky iň möhüm geografik açyşlaryň birini amala aşyrdy.

1877-nji ýyl. Uimbledonda Bütiniňlis laun-tennis we kroketi kluby tarapyndan guralan ilkinji tennis çempionaty başlandy.

1887-nji ýyl. Iňlis kagyz öndürijisi Jon Dikinson kagyz öndürijileriň her ýylky dabaraly naharynda ilkinji kagyz el süpürgiçlerini (salfetkalaryny) tanyşdyrdy.

1934-nji ýyl. «Walt Disneýiň» iň meşhur gahrymanlarynyň biri bolan Donald Dak atly ördek ilkinji gezek ekrana çykdy.

1957-nji ýyl. Mendeleýewiň tablisasynyň 102-nji elementi bolan nobeliý açyldy.

1963-nji ýyl. Meşhur amerikan aktýory, «Karib deňziniň garakçylary» filminiň ýyldyzy Jonni Depp dünýä indi.

2002-nji ýyl. Afrikanyň 53 döwletini birleşdirýän Afrikanyň Birligi Guramasy (ABG) resmi taýdan Afrika Bileleşigine öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info