9-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

17 sagat öň

1500-nji ýyl. Kabralyň ekspedisiýasy Hindistana tarap ýola düşdi we ýol ugrunda Braziliýany açdy.

1814-nji ýyl. Ukrain edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri Taras Grigorýewiç Şewçenko doguldy. Onuň eserleri dünýäniň köp dillerine, şol sanda türkmen diline hem terjime edildi.

1822-nji ýyl. Nýu-Ýorkda emeli dişler üçin patent alyndy.

1858-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda köçe poçta gutusy patentleşdirildi.

1908-nji ýyl. Italiýanyň «Inter» futbol kluby esaslandyryldy.

1928-nji ýyl. Pedagogika ylymlarynyň kandidaty Oraz Ýazymow doguldy. Ol «Edebiýat sapaklarynda okuwçylary watançylyk ruhda terbiýelemek», «Edebiýaty okatmak usulyýeti» ýaly ylmy-usuly işleriň 208-siniň, şeýle hem şu ugurdaky 318 makalanyň awtorydyr.

1959-njy ýyl. Ilkinji Barbi gurjaklary satuwa çykaryldy.

Her ýylyň 9-njy martynda Bütindünýä dijeýler güni bellenilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info