Bu gün birnäçe ýurtda, şol sanda eziz Diýarymyz Türkmenistanda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenilýär.
1754-nji ýyl. Benjamin Franklin ilkinji amerikan karikaturasyny neşir etdi.
1912-nji ýyl. Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Köşi obasynda daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Aman Kekilow dünýä indi.
1918-nji ýyl. Paýtagtymyzyň Köşi obasynda ýazyjy, dramaturg hem-de pedagog Taňryguly Taganow doguldy.
1943-nji ýyl. Murgap etrabynyň häzirki Çäçdepe geňeşliginde belli bagşy Daňatar Hudaýnazarow dünýä indi.
1950-nji ýyl. Beýik Britaniýada dikuçarlaryň ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawlary başlandy. London bilen Birmingemiň arasyndaky uçuşlar «Westland» kompaniýasynyň «S-51» dikuçary arkaly amala aşyryldy.
2004-nji ýyl. Meşhur «Troýa» filmi dünýä ekranlaryna çykdy. Filmde baş rollary Bred Pitt, Diana Krýuger, Braýan Koks, Şon Bin, Erik Bana, Orlando Blum we Piter O’Tul ýaly meşhur aktýorlar janlandyrdy.
2012-nji ýyl. Tomsk şäherinde ilkinji «Ölmez-ýitmez polk» (Бессмертный полк) çäresi geçirildi.