Şu günler ýurdumyzyň teatr ussatlary welaýatlarda saparda bolup, täsirli sahna eserleri bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýarlar. Golaýda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň Hazarýaka sebitdäki many-mazmunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Döwlet rus drama teatrynyň artistleri Gyzylarbat, Bereket etraplarynda körpe tomaşaçylara «Tokaýdaky sirk» we uly ýaşlylara «Güýzki wals» atly sahna oýunlaryny görkezdiler. Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda hem birnäçe eserler sahnalaşdyryldy. Marina Swetaýewanyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Puşkin» atly oýunda dostlukly halkyň nusgawy şahyrynyň ömür-döredijilik ýoly inçelik bilen açylyp görkezildi. Döredijilik saparynyň maksatnamasyna «Şadyýan möjek», «Sahnanyň gudraty», «Gündogar owazy» ýaly sahna oýunlarydyr teatr çykyşlary hem girizildi.
Sahna eserlerine Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa hem-de Kyýas Gurbanowdyr Baýram Garajaýew režissýorlyk etdi. Keşpleri janlandyrmaga Alina Andronowa, Kerim Ataýew, Tatýana Öwezmyradowa, Merdan Nurmuhammedow, Atageldi Guseýnow, Mihail Rogow dagy gatnaşdy.
Şeýle döredijilik saparlarynyň guralmagy watandaşlarymyzyň medeniýetli dynç almagyna, dostlukly halklaryň teatr sungatynyň naýbaşy eserleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär.
