Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň behişdi bedewlerimize bagyşlanan kitaplarynda beýan edilýän maglumatlara esaslanyp, 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde «Bir belent ykbal sen, illere bedew» atly intellektual zehin bäsleșigini geçirýär.
Bäsleşik Aba Annaÿew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynda ýaýbaňlandyrylýar. Oňa her ýokary okuw mekdepden 1 topar gatnaşyp biler. Toparlaryň her biriniň 4 sany esasy, 2 sany ätiÿaçdaky talyplardan ybarat bolmagy talap edilýär. Bäsleşik 30 sowaldan ybarat bolup, 3 tapgyrda geçiriler.
Bu ýerde her bir sowal üçin toparlara 70 sekunt wagt berler. Şonuň 60 sekundy pikirlenmek, galan 10 sekundy bolsa sowalyň jogabyny ýazyp tabşymak üçindir.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri onuň DÜZGÜNNAMASYNDA görkezilýär.