3—6-njy noýabra aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň mugallymy Nowruz Myratdurdyýew hem-de tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Döwranmyrat Begmyradow Slowakiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar we Nitra şäherindäki oba hojalyk uniwersitetinde «Erasmus+» maksatnamasynyň «Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk» (GDCAU) atly taslamanyň çäginde guralan halkara okuw seminaryna gatnaşdylar.

Halkara okuw seminaryň çäginde ýokary okuw mekdebiň wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny okuw dersleriniň maksatnamalarynda ornaşdyrmak boýunça bar bolan dersleriň okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, 2 sany täze dersi okuw meýilnamasyna girizmek hem-de bilelikdäki magistr maksatnamasynyň okuw meýilnamasynyň döredilmegi bilen bagly birnäçe usuly seminarlar we tejribe alyşmak boýunça işler geçirildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri dersler boýunça okuw maksatnamalarynyň gurluşy, mazmuny, garaşylýan netijeleri we döwrebap okatmagyň usulyýetleri hakynda çykyş etdiler. Şeýlelikde, halkara okuw seminaryň netijesinde ýokary okuw mekdebimizde birnäçe dersleriň okuw maksatnamalary kämilleşdiriler we mugallymlaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylar.

Şeýle hem iş saparynyň çäklerinde — 6-njy noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti Nitradaky Slowak oba hojalyk uniwersitetiniň Atçylyk merkezinde talyplara öwredilýän atlary türgenleşdirmek, atly päsgelçiliklerden bökmek, barlaghanalar we atlaryň kesellerini anyklamak bilen bagly alnyp barylýan işleri bilen tanyşdylar.
— Halkara taslamalaryna hem-de okuw seminarlaryna gatnaşmak biziň üçin gymmatly tejribedir. Slowakiýa Respublikasynda iş saparynda bolup, Nitra şäherindäki oba hojalyk uniwersitetinde «Erasmus+» maksatnamasynyň «Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk» (GDCAU) atly taslamanyň çäginde guralan halkara okuw seminarynda çykyş etmegimiz hem bu ugurda diýseň ähmiýetli boldy. Biz ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmakda, professor-mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin — diýip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň mugallymy Nowruz Myratdurdyýew belledi.
