Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň köçelerinde we şaýollarynda abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýollarda ulag hereketiniň bölekleýin çäklendiriljekdigi mälim edildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berdi.
Şunlukda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin berlen bildirişde:
- 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabra çenli Bitarap Türkmenistan şaýoly: Bitaraplyk binasyndan — Atamyrat Nyýazow şaýoluna çenli aralygynda; 
- 20-nji sentýabrdan — 30-njy sentýabr aralygynda «On at» heýkeli we Çary Nurymow köçesi: Alyşir Nowaýy köçesinden — Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli aralygynda; 
- 20-nji sentýabrdan — 2-nji oktýabr aralygynda Galkynyş köçesi: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolundan — Sona Myradowa köçesine çenli aralygynda; 
- 27-nji sentýabrdan — 12-nji oktýabr aralygynda Görogly köçesi: Atamyrat Nyýazow şaýolundan — Alty Garlyýew köçesine çenli aralygynda; 
- 1-nji oktýabrdan — 1-nji noýabr aralygynda Çandybil şaýoly: Bitarap Türkmenistan şaýolundan — Nurmuhammet Andylyp köçesine çenli aralygynda; 
- 10-njy oktýabrdan — 25-nji oktýabr aralygynda A.Annaýew köçesi: Gurbansoltan eje şaýolundan — Azady köçesine çenli aralygynda; 
- 15-nji oktýabrdan — 1-nji noýabr aralygynda Gurbannazar Ezizow köçesi: Garaşsyzlyk şaýolundan — Atatürk köçesine çenli aralygynda; 
- 23-nji oktýabrdan — 1-nji noýabr aralygynda Sona Myradowa köçesi: Magtymguly şaýolundan — Atamyrat Nyýazow şaýoluna çenli aralygynda; 
- 31-nji oktýabrdan — 5-nji noýabr aralygynda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly: Gurbansoltan eje şaýolundan Magtymguly şaýoluna çenli aralygynda; 
- 1-nji noýabrdan — 15-nji noýabr aralygynda Sahy Jepbar köçesi: Garaşsyzlyk şaýolundan — Atatürk köçesine çenli aralygynda; 
- 4-nji noýabrdan — 10-njy noýabr aralygynda Magtymguly şaýoly: Nurmuhammet Andalyp köçesinden — Mekdepler köçesine çenli hem-de Nurmuhammet Andalyp köçesi: Magtymguly şaýolundan — «Erkanalyk» binasy ýerleşýän aýlawly çatrygy we Kemine köçesine çenli aralygynda; 
- 15-nji noýabrdan — 30-njy noýabr aralygynda Alyşir Nowaýy köçesine: Garaşsyzlyk şaýolundan — Gurbansoltan eje şaýoluna çenli aralygynda ulag hereketiniň bölekleýin çäklendirilýändigi aýdylýar. 

