19-njy iýunda Aşgabatdaky Rus öýünde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenen orunlaryň çäklerinde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak baradaky meseleler boýunça seminar geçiriler.
Duşuşygyň dowamynda hünärmenler bellenen meseleler barada maglumat bererler:
dalaşgärleriň ýokary okuw mekdeplerine paýlanyş tertibi;
wiza çakylygyny (teleksi) almagyň düzgünleri;
zerur resminamalaryň resmileşdirilişi we Russiýanyň çäginde hasaba durmagyň tertibi.
Çärä kesgitlenen orunlar (kwota) boýunça saýlama tapgyryndan geçýän ähli dalaşgärler (esasy we ätiýaçlyk sanawyndakylar) çagyrylýar.
Başlanýan wagty: 16:00
Maslahata gatnaşmak üçin otdel_tm@mail.ru elektron poçta salgysyna ýüztutma ibermeli hem-de onda öz adyňyzy, familiýaňyzy we çäräniň adyny — «Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak baradaky maslahat» diýip görkezmeli.
Çärä giriş diňe deslapky ýazylyşyk boýunça amala aşyrylar.
