Türkmen talyplarynyň 95-si Hytaýyň 2025-nji ýyl üçin talyp hakly maksatnamasynda okamaga mümkinçilik aldy

MilliInfo

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa kabul edilendigi baradaky habarnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Hytaýyň hökümetiniň talyp hakly maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýyl üçin zehinli türkmen dalaşgärleri dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik aldylar. 

Dabarany Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin açyp, talyplary hem-de olaryň ata-enelerini gutlady. Ol ak ýol arzuw etmek baradaky çykyşynda ynam bildirýändikleri üçin olara hoşallyk sözlerini beýan edip, Hytaýyň diňe baý medeniýeti we taryhy bolan ýurt däl-de, eýsem, innowasiýalaryň häzirki zaman merkezidigini belledi.

– Siziň okamaga we özboluşly tejribe almaga köp mümkinçilikleriňiz bolar. Hytaý-türkmen gatnaşyklary diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soň geçen döwrüň dowamynda häzir iň ýokary derejededir. Biziň ýurtlarymyzyň Baştutanlary ýakynda möhüm gepleşikleri geçirip, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen geljekki hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary kesgitlediler – diýip, ilçi nygtady. 

Talyplaryň özleri-de Türkmenistanyň we Hytaýyň hökümetlerine hoşallyk sözleri bilen ýüzlendiler.

Dabara ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. Häzir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synda müňe golaý talyplarymyz we orta mekdepleriň 10-synda 5700 töweregi okuwçylarymyz hytaý dilini öwrenýärler. Türkmen talyplarynyň 6500-den gowragy eýýäm dürli hünärler boýunça Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. 

Täze 2025-2026-njy okuw ýylynda hyzmatdaşlyk giňeler: HHR-niň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony tarapyndan berlen 100 bilim grantlary netijesinde türkmen talyplarynyň 95-si Hytaýda okamaga başlap bilerler. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo