Amerikanyň Howpsuzlyk Departamenti (Department of Homeland Security, DHS) H-1B zähmet wizasy üçin ulanylýan tötänleýin lotereýa ulgamyny agramly saýlama ulgamyna çalyşýandygyny resmi taýdan habar berdi. Bu täze düzgün has ýokary hünärli daşary ýurtlularyň saýlanmagyna ileri tutulýan ulgam arkaly wiza beriş işini amala aşyrýar.
Üýtgeşme 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyndan güýje girer we 2027-nji maliýe ýylynda wizalaryň hasaba alyş möwsüminde ulanylýar.
Bu düzgün H-1B wizasy üçin ozal ulanylýan tötänleýin lotereýa ulgamyny ýatyrýar. Wizalaryň aýlyk we hünär derejesine görä agramly (weighted) ulgam boýunça kesgitlenmegi ýokary hünärli dalaşgärleriň saýlanyş ähtimallygyny artdyrar. Munuň maksady amerikan işçileriniň aýlyk we iş mümkinçiliklerini goramak we wiza ulgamyny has amatly işçi saýlamak ulgamy arkaly dolandyrmakdan ybaratdyr.
H-1B programmasynda her ýyl 65 müň wiza berilýär we magistr ýa-da doktorlyk derejesi bolanlar üçin goşmaça 20 müň wiza bellenilýär.
Bu üýtgeşme öň kabul edilen beýleki çäreler bilen utgaşýar. Şolaryň arasynda Prezidentiň karary esasynda, iş berijilerden her bir wiza üçin goşmaça 100 müň ABŞ dollaryny tölemegi talap edýän düzgüniň hem bardygyny bellemek gerek.
