Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «FLEX» alyş-çalyş maksatnamasynyň synaglarynyň tertibi yglan edildi.
Bu maksatnama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti tarapyndan doly derejede maliýeleşdirilýär. Maksatnamanyň ýeňijileri, has takygy finalçylary 2026-2027-nji okuw ýylynyň dowamynda amerikan maşgalasynda ýaşamak we amerikan orta mekdebinde bilim almak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Synaglar Mary welaýaty boýunça 4-nji ýanwarda Mary şäherindäki 19-njy orta mekdepde, Daşoguz welaýaty boýunça 6-njy ýanwarda Daşoguz şäherindäki 4-nji orta mekdepde, Lebap welaýat tapgyry 8-nji ýanwarda Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde, Balkan welaýaty boýunça 10-njy ýanwarda Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde, Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça tapgyry bolsa 11-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde geçiriler.
Goşmaça maglumat üçin:
Telefon: 36-90-16
Elektron poçta: flex.tm@americancouncils.org