B1/B2 wizasyny almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň girew töleglerini geçirmegi boýunça bellenen talaplar yglan edildi.
Şunlukda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, B1/B2 wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýändigi ykrar edilen Türkmenistanyň raýatlarynyň 15 müň dollara çenli möçberde girew tölegini geçirmelidigini mälim etdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda bildiriş berildi.
Şunda gürrüňdeşlik wagtynda konsullygyň wekili arza berijä onuň wiza almak üçin talaplara laýyk gelýändigini habar berer we girew tölegini geçirmek boýunça görkezmeleri aýan eder. Arza berijiler girew tölegini geçirmek üçin üçünji taraplara degişli web-saýtlary ulanmaly däldirler. Şeýle hem konsullyk wekilinden degişli görkezmeleri almazdan öň tölegi geçirmeli däldirler.
Galyberse-de, ilçihananyň beýanynda Türkmenistanyň raýatlary üçin B1/B2 wizalarynyň girew tölegi geçirilmezden öň berlip bilinmejekdigini habar berdi. Bu talap arzanyň nirede tabşyrylandygyna garamazdan hereket edýär.
