Türkmenistanyň erkin göreş boýunça çagalar we ýetginjekler ýygyndysy (U17) Abu-Dabide geçen halkara ýaryşda — «RAF NEXT GEN ABU DHABI 2026» bäsleşiginiň 7 medalyna eýe boldular. Şolaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş, galan ikisi bolsa bürünç medallardyr.
Şunlukda, bu ýaryşda Yklym Gaýtnazarow 34 kilograma, Idris Meläýew 71 kilograma, Ahmet Baýramow bolsa 92 kilograma çenli agram derejesinde altyn medallara eýe boldular. Ýusup Baýramow 75 kilogram, Hajy Gaýtnazarow 38 kilogram agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başarsalar, Ybraýym Babalyýew 34 kilogram, Salyh Nurmuhammedow 38 kilogram agramda bürünç medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Biz ýaş medalçylarymyzyň bu üstünligine guwanýarys. Irginsiz türgenleşikleriň, yhlasyň hem ynamyň netijesi bolan üstünligiň türgenlerimizi has-da uly ýeňişlere ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.
