«Adidas Basketball» kompaniýasy innowasion «Project: RAP» («Radical Athlete Perception») platformasynyň çäginde özüniň ilkinji aýakgap modeli bolan «BB.01-i» nusgasyny resmi taýdan tanyşdyrdy.
Aýakgap «additive» (goşmaça) öndüriliş usuly arkaly taýýarlandy: 3D printerde çap edilen gözenekli gurluş dabany doly gurşap alýar, bu bolsa krossowkanyň aýaga laýyk oturmagyny üpjün edýär. Meýdança «BB.01» aýakgaplarynda çykjak ilkinji türgen — Tomusky «NBA» ligasynyň 2026-njy ýyldaky gatnaşyjysy Mikel Braun Junior bolar.
Modeliň sany örän çäkli bolup, ony satyn almak mümkin däl diýen ýalydyr: bütin dünýä boýunça bary-ýogy 169 jübüt öndürildi. 10-njy iýulda «Adidasyň» Las-Wegasdaky baş dükanynda 50 jübüt, 14-nji iýulda bolsa «Adidas CONFIRMED» goşundysynda 89 jübüt aýakgap satuwa çykarylar. Ýene 30 jübüti bolsa «Greater China» sebitinde elýeterli bolar. Onuň satuw bahasy — 250 dollar.
10-njy iýulda Las-Wegasdaky «Adidas» baş dükanynda täze önümiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilip, onda myhmanlar aýakgaplaryň dörediliş prosesini göni synlap bildiler. Bu çäre, däp bolşy ýaly, Las-Wegasda geçirilýän we täze türgenler hem-de ýaş ýyldyzlar üçin badalga meýdançasy bolup hyzmat edýän Tomusky «NBA» ligasyna bagyşlandy.
