«Real Madrid» 2025-2026-njy ýyllaryň futbol möwsümi üçin üçünji eşigini tanyşdyrdy. Bu barada «espn.com» saýty habar berýär. Bu egin-eşik kolleksiýasy «Adidas» markasynyň «Retro» tapgyrydyr.
Germaniýanyň sport egin-eşigini öndürijisi «Bawariýa», «Arsenal», «Roma» we «Real Madrid» ýaly meşhur klublaryň sport eşigini «Adidas» kompaniýasynyň döredilmeginiň 75 ýyllyk ýubileýi mynasybetli öndürdi.
1980-nji ýyllaryň sport eşigini ýadyňa salýan täze kolleksiýa gözüňi dokundyrýan gök reňkli bolup, eginlerinde «Adidas» markasynyň logotipini görmek bolýar.
Iň esasy hem, bu eşikde «Real Madridiň» rowaýata öwrülen wekilleriniň biri bolan Juanitonyň 1985-nji ýylda UEFA-nyň Kubogynda «Inter» klubundan 2:0 utulanyndan soň aýdan «Bernabeuda 90 minut hem az bolýar» diýen meşhur sözleri ýerleşdirildi. Şol ýyl «Real Madrid» UEFA Ýewropa Kubogyna mynasyp bolupdy.

