AFK-U23: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy toparçadaky jemleýji duşuşygyny Iordaniýanyň garşysyna geçirer

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

9-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary Aziýa Kubogynyň (U23) saýlama tapgyrynyň toparçadaky soňky duşuşygyny geçirer. Türkmen topary Iordaniýanyň ýygyndysynyň garşysyna çykar.

Häzirki wagtda “A” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň we Iordaniýanyň ýygyndylarynyň her birinde 6 utuk bar. Bu möhüm duşuşyk toparçada 1-nji orny eýelejek topary kesgitlär.

Mundan öňki duşuşyklarynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Hytaý Taýpeýiň ýaşlaryny 5:1 hasabynda, Butanyň ýygyndysyny bolsa 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Toparçadaky Butanyň we Hytaý Taýpeýiniň ýaşlar ýygyndylarynyň häzirlikçe hiç hili utugy ýok. 3-nji tapgyrda bu iki topar öz aralarynda bäsleşerler. 

Milli ýygyndymyzyň ýaşlar düzümi futbol meýdanyna ýaşyl köýnekçede çykar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo