Owganystan Türkmenistandan üstaşyr Lazurit geçelgesi arkaly haryt eksportyny işjeňleşdirýär

MilliInfo

17 Mart, 2026

Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen geçýän Lazurit geçelgesi arkaly öz önümleriniň eksportyny işjeňleşdirýär.

Owganystanyň Ulag we raýat awiasiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, türkmen-owgan serhedindäki Turgundy gury porty arkaly sekiz sany ýük toplumy eksporta ugradyldy. Bu barada «Ariana News» ýekşenbe güni habar berdi.

Ýükleriň düzümine guradylan miweler, mürepbe, basyşly gazanlar hem-de energiýa içgileri girýär. Türkiýä ýetirileninden soň ýükleriň Saud Arabystany Patyşalygynyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň we Niderlandlaryň bazarlaryna gaýtadan eksport edilmegi meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda işe girizilen Lazurit geçelgesi Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info