Owganystany Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Eýran we Pakistan bilen birleşdirjek sebitiň halkalaýyn demirýol ulgamynyň taslamasynyň taýýarlanyp başlanandygy habar berildi. Bu barada Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Aziziniň aýdanlaryna salgylanýan «Ehtebar» agentligi duşenbe güni habar berdi.
Ministriň aýtmagyna görä, bu başlangyç sebitdäki ulag infrastrukturasynyň bar bolan boşlugyny aradan aýyrmaga we Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň arasynda bitewi üstaşyr giňişligi döretmäge gönükdirilendir. Taslama goňşy ýurtlar bilen göni demirýol arabaglanyşyklaryny döretmegi we hereket edýän ugurlary birleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Nuriddin Azizi geljekki ulgamyň Owganystanyň dört portuny Merkezi Aziýadaky we Eýrandaky ugurlar bilen baglanyşdyrýan bar bolan demirýol ugurlarynyň esasynda guruljakdygyny belledi. Halkalaýyn ugruň tamamlanmagy bilen logistika netijeliligiň ýokarlandyrylmagyna we söwda akymlarynyň giňeldilmegine garaşylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň durmuşa geçiriljek anyk möhletleri, maliýeleşdiriş çeşmeleri we tehniki görkezijiler häzirlikçe mälim edilmedi. Häkimiýetler başlangyjy meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça sebit hyzmatdaşlary bilen geňeşmeleri dowam etdirýärler.
Taslama Owganystanyň üstaşyr mümkinçiligini ösdürmek hem-de infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň sebit söwdasyndaky ornuny pugtalandyrmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde garalýar.