Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk we dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda döredijilik çäreleri, konsertler we sergiler geçiriler. Okyjylaryň dykgatyna meýilleşdirilen käbir çäreleriň gysgaça synyny hödürleýäris:
26-njy sentýabrda sagat 17:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Meýlis we Musa Halbaýewleriň aýdym-saz muşdaklary üçin taýýarlan konserti bolar.
27-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Sahnada Maksat Tuwakow, Parahat Pürjaýew we Begmyrat Çaryýew dagy çykyş eder. Agşamyň maksatnamasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany wasp edýän meşhur aýdymlar we sazly kompozisiýalar ýaňlanar.
28-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde «Kino sazlarynyň altyn toplumy» («Золотая коллекция киномузыки») atly konsert guralar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky filarmoniýa ansamblynyň ýerine ýetirmeginde ähli döwürleriň söýgüli retro filmleriniň könelmejek heňleri ýaňlanar. Şeýle hem tomaşaçylaryň öňünde aýdymçylar meşhur kinohitleri ýerine ýetirerler. Olaryň arasynda Andreý Malahowyň meşhur «Salam, Andreý!» («Привет, Андрей!») gepleşigine gatnaşan zehinli aýdymçy Täçnabat Ýomudowa hem bar.
Mundan başga-da, paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylary baýramçylyk sahna eserlerine we aýdym-sazly degişme konsertlerine tomaşa etmäge çagyrýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
26.09.2026: «Wah, siz aýallar» 19:00;
27.09.2026: «Gelin gelyar» 19:00;
28.09.2026: «Giýewleriň bäsleşigi» 19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry:
26.09.2026: «Aýdym sazly konsert» 19:00;
27.09.2026: «Aýdym sazly konsert» 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry
25.09.2026: «Magnitofon» 19:00;
26.09.2026: «Gelin gülüşeliň» 19:00;
27.09.2026: «Gelin gülüşeliň» 19:00;
28.09.2026: «Gelin gülüşeliň» 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
26.09.2026: «Три поросёнка» 12:00;
26.09.2026: «Пришёл мужчина к женщине» 19:00;
27.09.2026: «Золотой цыплёнок» 11:00; 13:00;
27.09.2026: «Услышь меня» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry
26.09.2026: «Janly gurjaklar» 17:00;
26.09.2026: «Dostluk mukamy» 19:00;
27.09.2026: «Şadyýan sazandarlar» 12:00; 17:00;
27.09.2026: «Dostluk mukamy» 19:00.
Teatrlaryň maksatnamasyna üýtgeşmeleriň girizilip bilinjekdigini ýatladýarys. Barmankaňyz, takyk tertibi teatrlaryň kassalaryndan anyklamagy maslahat berýäris.
