Aşgabatdaky Rus öýüniň 2026-njy ýylyň oktýabr aýyndaky çäreleriniň meýilnamasy

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatdaky Rus öýüniň 2026-njy ýylyň oktýabr aýyndaky çäreleriniň meýilnamasy

Aşgabatdaky Rus öýi 2026-njy ýylyň oktýabr aýy üçin baý maksatnamasyny hödürledi.

Çäreleriň tertibi döredijilik ussatlyk sapaklaryny, bilim maslahatlaryny (seminarlary), interaktiw duşuşyklary, Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň «Açyk gapylar günlerini» hem-de dürli ýaşdaky myhmanlar üçin tematik sapaklary öz içine alýar.

  • 1-nji oktýabr (penşenbe), 16:30 — «Paýhas üçin sag boluň» atly ýagşylyk we hoşallyk sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 5-nji oktýabr (duşenbe), 17:00 — «Mugallymlar güni» atly döredijilik ussatlyk sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 6-njy oktýabr (sişenbe), 17:00 — Surat çekmek sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 7-nji oktýabr (çarşenbe), 17:00 — Sport diktanty (Ýaş çäklendirmesi: 12+).

  • 8-nji oktýabr (penşenbe), 16:30 — «Poçta derňewçisi» («Почтовый детектив») atly sapak (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 11-nji oktýabr (ýekşenbe), 15:00 — Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyk (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 13-nji oktýabr (sişenbe), 17:00 — Surat çekmek sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 14-nji oktýabr (çarşenbe), 17:00 — «Emeli aň eýýamynda Ýewraziýanyň ýaşlary: dialogdan bilelikdäki taslamalara tarap» atly tegelek stol söhbetdeşligi (Ýaş çäklendirmesi: 16+).

  • 15-nji oktýabr (penşenbe), 16:30 — «Çalt okamak: nädip pikiriňden hem çalt okamaly!» atly sapak (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 20-nji oktýabr (sişenbe), 17:00 — Surat çekmek sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 20-nji oktýabr (sişenbe), 17:00 — Beýik Pýotr adyndaky Sankt-Peterburg politehniki uniwersitetiniň «Açyk gapylar güni» (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 21-nji oktýabr (çarşenbe), 17:00 — Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak meseleleri boýunça okuw maslahaty (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 22-nji oktýabr (penşenbe), 16:30 — «Sözüň gudraty» («Сила слова») atly sapak (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 23-nji oktýabr (anna), 17:00 — Ýaşlaryň «Kim kimi dolandyrýar? Tehnologiýalar eýýamynda ynsan» atly interaktiw duşuşyk (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 27-nji oktýabr (sişenbe), 17:00 — Surat çekmek sapagy (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

  • 27-nji oktýabr (sişenbe), 17:00 — N.I.Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersitetiniň «Açyk gapylar güni» (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 28-nji oktýabr (çarşenbe), 17:00 — Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak meseleleri boýunça okuw maslahaty (Ýaş çäklendirmesi: 15+).

  • 29-njy oktýabr (penşenbe), 16:30 — «29-njy oktýabryň gizlin kody»: Doglan günüň baýram edilmeginiň taryhy we däpleri atly sapak (Ýaş çäklendirmesi: 7+).

Ýatlatma: Çärelere gatnaşmak diňe elektron poçta arkaly öňünden ýazylmak esasynda mümkindir: otdel_tm@mail.ru

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info