Awgust aýynyň meýilnamasy: Aşgabatdaky Rus öýünde döredijilik, surat çekmek we robototehnika

MilliInfo

1 Awgust, 2026

Awgust aýynyň meýilnamasy: Aşgabatdaky Rus öýünde döredijilik, surat çekmek we robototehnika

Aşgabatdaky Rus öýi 7 ýaşdan uly çagalary awgust aýynyň maksatnamasyna çagyrýar. Size bilim beriji çäreler, medeni we dynç alyş maksatnamalary, taryh, medeniýet hem-de rus dili boýunça peýdaly duşuşyklar we gyzykly wakalar garaşýar.

Aýyň dowamynda:

  • Duşenbe, çarşenbe we penşenbe günleri (13:30–16:00): «Tomus paslyny Rus öýi bilen geçir» taslamasy geçirilýär;

  • Sişenbe we penşenbe günleri (16:00–17:30): surat çekmek sapaklary guralýar;

  • Şeýle-de, ýörite ussatlyk sapaklary meýilleşdirildi: Hazar deňziniň gününe bagyşlanan (12-nji awgust, 16:00), robototehnika boýunça (19-njy awgust, 17:00) we RF-niň Baýdagynyň gününe bagyşlanan (21-nji awgust, 16:00).

Ýazylyşyk elektron poçta arkaly amala aşyrylýar: otdel_tm@mail.ru

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info