Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al Nassr» futbol toparlarynyň AFK Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde Aşgabatda şäherinde geçiriljek birinji duşuşygyň Aşgabat Olimpiýa stadionynda guraljakdygyny tassyklady. Bu barada AFK-nyň resmi sosial ulgamlaryna salgylanýan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň sahypasynda beýan edildi.
Bu oýnuň Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanýandygyny ýatladýarys. Arkadag şäheriniň toparynyň Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we beýleki dünýä ýyldyzlarynyň çykyş edýän klubunyň garşysyna geçirjek oýny türkmenistanly futbol muşdaklary üçin hakyky futbol baýramçylygyna öwrüler.
Toparlaryň arasyndaky ikinji duşuşyk 17-nji fewralda 21:15-de «King Saud University Stadium» stadionynda geçer.