AFK Çempionlar ligasy – 2: «Ahal» Eýranyň «Sepahan» toparynyň garşysyna çykýar

MilliInfo

4 Noýabr, 2025

Şu gün — 4-nji noýabrda ýurdumyzyň «Ahal» futbol topary AFK Çempionlar ligasy – 2 ýaryşynyň «C» toparçasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirýär.

Eýranyň Yspyhan welaýatynyň «Nagş-e-Jahan» stadionynda geçiriljek duşuşykda türkmen topary bu ýurduň «Sepahan» klubunyň garşysyna çykýar. Bu oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanýar.  

Munuň şu toparlaryň arasyndaky ikinji, ýagny jogap duşuşygydygyny bellemk gerek. Klublaryň birinji oýny 21-nji oktýabrda geçipdi. Şunlukda, bu oýun türkmen toparyna nobatdaky üç utugy gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Ildeşlerimize bilelikde janköýerlik edeliň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo