AFK Çempionlar ligasy — 2 ýaryşynyň 2025/26 möwsüminde «C» toparçada ýüze çykan ýagdaý — Hindistanyň «Mohun Bagan» klubunyň 30-njy sentýabrda «Sepahan» topary bilen myhmançylykda geçirilmeli duşuşygy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherine baryp bilmändigi toparçadaky bäsleşigiň geçiş tertibine üýtgeşmeleriň girizilmegine sebäp boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Hindistanyň çempiony «Mohun Bagan Super Giant» futbol klubunyň ýaryşdan çykarylýandygyny yglan etdi. Bu barada AFK-nyň beýanatynda aýdylýar.
Ýaryş düzgünnamasynyň 5.6 belgili bölüminde bellenen talaplara laýyklykda, Kalkutta şäheriniň toparynyň ozalky oýunlarynyň hem hasaba alynmaýandygy tassyklanyldy. Düşnüksizligiň öňüni almak maksady bilen, Ýaryş düzgünnamasynyň 8.3 bölümine laýyklykda, «Mohun Baganyň» öňki oýnundaky utuklar we gollar hem «C» toparçanyň ýaryş tertibinde bellige alynmaz. Şeýle-de hindi klubuna jerime bellener.
Munuň özi indi «C» toparçada üç klubuň çykyş etjekdigini, myhmançylykda Hindistanyň «Mohun Bagan» klubuny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden ýurdumyzyň «Ahal» toparynyň şol duşuşykdaky utuklarynyň hem täsirini ýitirýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň «Ahal» topary nobatdaky duşuşygyny 21-nji oktýabrda geçirer. Şol gün «Ahal» Eýranyň «Sepahan» toparyny kabul eder.

