Ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy—2-niň «B» toparçasyndaky çykyşyna başlady. Topar yklymyň ikinji derejeli ligasyndaky birinji oýnuny öz futbol meýdanynda — Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirdi. Türkmen topary Özbegistan Respublikasynyň «Andijon» klubuny kabul etdi.
Turuwbaşdan oýny erkinde saklan «Arkadag» toparynyň dartgynly hüjümleriniň myhmanlary aljyradan pursatlary az bolmady. Ildeşlerimiz topy özlerinde saklamakda uly artykmaçlyk görkezdiler. Garşylyklaýyn hüjümlere we howply pursatlara baý bolan oýunda hasap açylmady.
Şunlukda, bu oýun toparlaryň her birine 1 utuk getirdi.
«Arkadag» futbol kluby bu ligadaky indiki duşuşygyny 1-nji oktýabrda «Al Khaldiýa» topary bilen geçirer.

