«Arkadag» futbol kluby
Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň öñümizdäki möwsümde Aziýanyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklarynyň seneleri mälim edildi.
«B» toparçasynda çykyş etjek «Arkadag» toparynyñ ilkinji duşuşygy 17-nji sentýabrda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen bolar. Oýun Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda geçiriler.
Ikinji duşuşyk 1-nji oktýabrda bolup, onda «Arkadag» topary myhmançylykda Bahreýniň «Al Haldiýa» topary bilen duşuşar. Oýun Riffa şäherinde Bahreýniň milli stadionynda geçiriler.
Üçünji duşuşyk 22-nji oktýabrda bolar. Bu duşuşykda «Arkadag» myhmançylykda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen duşuşyl geçirer. Oýun Doha şäherindäki «Al Thumama» stadionynda geçiriler.
Dördünji duşuşyk 5-nji noýabrda Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda bolar. Onda «Arkadag» topary Türkmenistanda Kataryň «Al-Ahli» toparyna garşy oýnar.
«Arkadag» topary bäşinji duşuşygyny hem 26-njy noýabrda myhmançylykda geçirer. Bu oýunda «Arkadag» topary Özbegistanyň «Andijon» toparynyň garşysyna meýdana çykar. Oýun Andijan şäherindäki «Bobur Arena» stadionynda geçiriler.
Toparçadaky jemleýji duşuşyklar 24-nji dekabrda geçiriler. Bu duşuşykda «Arkadag» topary Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparynyň garşysyna çykyş eder.
«Ahal» futbol kluby
AFK-nyň çempionlar ligasy-2 ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik edỳän «Ahal» topary «C» toparçada çykyş edip, ilkinji duşuşygyny 16-njy sentýabrda Hindistanyň «Mohun Bagan» topary bilen myhmançylykda geçirer. Oýun Kolkattadaky «Wiwekananda Ýuba Bharati Krirangan» stadionynda bolar.
Ikinji duşuşyk 30-njy sentýabrda Türkmenistanda guralar. Bu duşuşykda Iordaniýanyň «Al Hussein» topary paýtagtymyzda myhmançylykda bolar.
Üçünji oýun 21-nji oktýabrda guralyp, «Ahal» Eýranyň «Sepahan» toparyny kabul eder.
«Ahal» dördünji duşuşygyny 4-nji noýabrda myhmançylykda geçirer. Bu oýun Eýranyň «Sepahan» topary bilen jogap duşuşygy bolar. Duşuşyk Yspyhandaky «Naghsh-e-Jahan» stadionynda geçiriler.
Bäşinji duşuşyk 25-nji noýabrda geçiriler. «Ahal» Türkmenistanda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny kabul eder.
«C» toparçanyñ duşuşyklarynyň jemleýji tapgyry 23-nji dekabrda geçiriler. Bu duşuşykda «Ahal» myhmançylykda Iordaniýanyň «Al Hussein» toparynyň garşysyna meýdana çykar. Oýun Amman şäherindäki «Amman» milli stadionynda bolar.

