AFK-nyň Çagyryş ligasy: «Altyn Asyr» Butanyň «Paro» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi

MilliInfo

28 Oktýabr, 2025

jankoyer.com.tm

Az wagt mundan öň ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ikinji duşuşygyny jemledi.

Ildeşlerimiz Butanda geçen oýunda ýerli «Paro» toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Türkmen toparyndan Rahman Myratberdiýewiň dubly (9-njy hem-de 37-nji minutlar) bellige alyndy. «Altyn Asyryň» soňky goluny bolsa 73-nji minutda Resul Röwşenmyradow geçirdi. Ýer eýeleri ildeşlerimiziň gollarynyň diňe birine jogap bermegi başardylar. Olaryň 15-nji minutdaky goluna Riki Içimura awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň topary iki duşuşykda 6 utuk toplady. Ildeşlerimiziň nobatdaky oýny 31-nji oktýabrda Omanyň «Al-Şabab» toparynyň garşysyna bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info