AFK-nyň Çagyryş ligasynyň bijeleri çekildi: «Altyn Asyr» «A» toparçada

MilliInfo

28 Awgust, 2025

Şu gün — 28-nji awgustda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistandan «Altyn Asyr» futbol topary gatnaşýar. Jemi 20 klubuň gatnaşýan ýaryşynda toparlar 5 toparça bölündiler. Çekilen bijä laýyklykda, «Altyn Asyr» futbol kluby «A» toparçada çykyş eder. Onuň garşydaşlary: «Al-Şabab» (Oman), «Paro» (Butan), «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan). «A» toparçanyň duşuşyklary Butanda geçer.

Toparçalaýyn duşuşyklaryň ählisi merkezleşdirilen görnüşde 25-nji oktýabr — 1-nji noýabr aralygynda geçiriler. Çärýek we ýarym final duşuşyklary (2 oýundan) mart we aprel aýlarynda bolar. Final duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda guramak meýilleşdirilýär. Belläp geçsek, ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary geçen möwsümde bu ýaryşyň çempiony bolmagy başarypdy.

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalary:

«A» topar: «Altyn Asyr», «Al-Şabab», «Paro», «Abdyş-Ata».

«B» topar: «Al-Sib», «Al-Ansar», «Kuweýt SK», «Başundhara Kings».

«C» topar: «Regar Tadaz», «Safa», «Al-Arabi», «Muras Ýunaýted».

«D» topar: «Manila Digger», «Preah khan reach svay rieng», Falkon», «Ezra».

«E» topar: «Dewa Ýunaýted», «Şan Ýunaýted», «Tainan siti», «Phnom Penh Krown».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo