AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2: «Ahal» Iordaniýanyň «Al Hussein» klubuny kabul edýär

MilliInfo

29 Sentýabr, 2025

Ertir — 30-njy sentýabrda türkmenistanly futbol muşdaklaryna, janköýerlere ýatdan çykmajak pursatlar garaşýar. Ýurdumyzyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 ýaryşynda Iordaniýanyň «Al Hussein» toparyny kabul edýär. «Arkadag» stadionynda geçiriljek duşuşyk 18:45-de başlanar.

Bu türkmen toparynyň yklymyň abraýly ýaryşyndaky ikinji duşuşygy bolar. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň ikinji Çempionlar ligasynda çykyş edýän «Ahal» birinji oýnunda myhmançylykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny ahmyrda goýdy we ilkinji üç utugyny gazandy.

Iordaniýanyň kluby häzirki wagtda bu duşuşyga gatnaşmak üçin Watanymyza geldi.

fc_ahal

Eziz ildeşler, hormatly futbol janköýerleri!

Türkmen toparyny bilelikde goldalyň! Goý, «Ahal» futbol toparyna nobatdaky duşuşygynda hem ýeňiş ýar bolsun!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo