Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek geodeziýa boýunça V internet olimpiadasyna gatnaşjaklar hasaba alynýar.
Oba hojalyk institutynyň meliorasiýa fakulteti tarapyndan guralýan bu bäsleşik 16-njy aprelde geçiriler. Oňa gatnaşmaga dürli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alýan ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden olimpiada bäşden köp bolmadyk talyp gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşjaklar üçin 50 sowaldan ybarat test taýýarlanyldy. Testi ýerine ýetirmäge 100 minut wagt berilýär.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça has köp utuk toplan talyplar onuň ýeňijileri diýlip yglan ediler. Netijeler şahsy we toparlaýyn hasaplarda jemlener. Olimpiadada I, II we III orunlary eýelän talyplar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşikde çykyş etmek isleýän ýokary okuw mekdepler 1-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna gatnaşjaklardan ybarat topar hem-de onuň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary şu elektron salgysyna ibermelidirler.
Olimpiadanyň düzgünleri bilen institutyň resmi saýtynda tanşyp bolar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99362733905; +99364264160.