«Ahal» — «Regar Tadaz» — 2:1: türkmen topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy

MilliInfo

13 Awgust, 2025

«Ahal» futbol topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda myhmançylykda Täjigistanyň «Regar Tadaz» klubuny ýeňlişe sezewar etdi — 2:1.

Turuwbaşdan dartgynly başlanan oýunda ildeşlerimiziň goragynyň hem, garşydaş toparyň ýarym meýdanyndaky oýnunyň-da sazlaşykly guralmagy birinji ýarymyň gyzykly geçmegini üpjün etdi. Muňa garamazdan, hasap ikinji ýarymda açyldy. Oýnuň 62-nji minutynda türkmen toparyndan Bagtyýar Gürgenowyň burçdan geçirilen topy kellesi bilen derwezä gönükdirmegi bilen «Ahal» öňe çykdy — 1:0. Şeýle-de bolsa dessine hasaby deňlemegiň ugruna çykan täjik klubunyň garşylyklaýyn hüjümi deňligiň bellige alynmagyna getirdi — 1:1. Bu goly 64-nji minutda Dawid Atsam geçirdi.

Şondan soň oýun has-da çekeleşikli dowam etdi. «Ahalyň» garşylyklaýyn hüjümleri täjik klubuny aljyratdy. 82-nji minutda Süleýman Mirziýoýewiň goly oýnuň gutarnykly ykbalyny kesgitledi. Türkmen kluby ýer eýelerinden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şunlukda, «Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo