AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň çäginde nobatdaky duşuşygyny geçirýän «Ahal» (Türkmenistan) bu günki oýna sary köýnekçede çykar. Bu «Al-Husseýn» (Iordaniýa) topary bilen boljak oýnuň bir öňüsyrasynda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň, futbol klublarynyň, guramaçylyk komitetiniň we degişli jogapkär bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda kesgitlendi.
Şunlukda, «Al-Husseýniň» oýunçylary bu gün ak köýneçede oýnarlar.
Duşuşyga Şen Ýinhaonyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik ederler.
Deslapky tapgyrda «С» toparçada çykyş edýän «Ahal» toparynyň birinji tapgyrda myhmançylykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyndan üstün çykandygyny (1:0) ýatladýarys. «Al-Husseýn» topary bolsa öz meýdanynda Eýranyň «Sepahan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň çäginde «С» toparçada geçiriljek «Ahal» bilen «Al-Husseýn» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk şu gün — 30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 18:45-de başlanar.

