Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen behişdi ahalteke bedewleriň mekany bolan mukaddes türkmen topragynda ýaşlaryň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny we söýgüsini artdyrmak, has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary ̶parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirilýär.
Telebäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, birinji saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda geçiriler we bu tapgyrda okuwçylar sanly ulgam arkaly testlere jogap bererler. Ýokary netije görkezen okuwçylar telebäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Telebäsleşigiň ikinji we üçünji tapgyrlary 2026-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçiriler we teleýaýlymda ýazgy ediler. Ikinji tapgyrda ýokary netije gazanan okuwçylar telebäsleşigiň üçünji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Üçünji tapgyrda telebäsleşigiň netijeleri boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan okuwçylar ýeňijiler hökmünde yglan ediler.
Telebäsleşigiň ýeňijileri baş baýrak – ýörite kubok, altyn, kümüş, bürünç medallary, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, ýörite diplomlary we şahadatnamalar şeýle hem gymmatbaha ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar. Telebäsleşik baradaky maglumat Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ihba.edu.tm resmi sahypasynda ýerleşdiriler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenler 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrna çenli bäsleşigiň Düzgünnamasynyň goşundysynda görkezilen nusgany doldurup info@ihba.edu.tm elektron salga ugratmaly ýa-da ihba.edu.tm/olimp/ web salgysynda hasaba alynmaly.
