27-nji oktýabrda Aşgabatda Ählumumy metan borçnamasy (GMP) we ony Türkmenistanda ornaşdyrmak boýunça amaly ädimler boýunça gibrid formatdaky esasy okuw seminary geçirildi.
Möhüm ähmiýeti bilen tapawutlanan çäre GIZ tarapyndan GMP-niň Sekretariaty – Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy bolan Klimat we Arassa Howa Koalisiýasy (CCAC) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howa hereketleri» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Metan güýçli, ýöne gysga wagtlyk parnik gazy bolup, ählumumy maýylganlygyň takmynan 30 %-ine sebäp bolýar. 20 ýylyň dowamynda ol CO2-den 80 esse köp zyýanly serişdeleri bölüp çykarar. Şeýle-de bolsa, atmosferada bary-ýogy on ýyl töweregi galýandygy sebäpli, onuň konsentrasiýasyny çalt azaltmak bilen gysga möhletde howa we saglyga peýda getirip biler.
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP-28-de goşuldy. GMP-niň agzalary 2030-njy ýyla çenli (2020-nji ýyldaky derejeler bilen deňeşdirilende) global metan zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmak üçin bilelikdäki çäreleri görmäge borçlanýarlar. Okuw seminaryna energetika pudagynda we daşky gurşawy goramak ulgamynda zähmet çekýän Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, esasy gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw seminarynyň maksady Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň wekillerini we tehniki hünärmenlerini Ählumumy metan borçnamasynyň (GMP) amaly ulanylyşy bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy halkara tejribäni görkezmekden, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bar bolan goldawa ünsi çekmekden we COP-30-yň öňüsyrasynda milli derejede durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimler barada dialoga ýardam etmekden ybaratdyr.
«Metan zyňyndylaryny azaltmak diňe bir ekologiýa zerurlygy bolman, eýsem, Türkmenistan ýaly iri energetika pudagy bolan ýurtlar üçin uly ykdysady mümkinçilikdir. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň bu ugra şeýle ýokary gyzyklanma bildirýändigi bizi diýseň begendirýär. Biziň «ÝB ýaşyl ösüş üçin» atly bilelikdäki taslamamyz howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan bilermen mümkinçiliklerini we maliýe goldawyny bermäge gönükdirilendir» — diýip, «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» maksatnamasynyň ýolbaşçysy, doktor Karolina Milow belledi.




