27-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

