Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çykyşlaryň täze möwsümi açyldy. Şeýlelikde, 12-13-nji sentýabrda bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň hem-de ýokary derejede tälim berlen täsin jandarlarynyň çykyşlary tomaşaçylara hödürlenilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi saýtynyň «Afişalar» bölüminde habar berilýär.
Tomaşalaryň ikisi hem sagat 18:00-da başlanar.
Giriş peteklerini Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «sirk.gov.tm» resmi web sahypasynda onlaýn tertibinde hem satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45.
Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.
