Türkmenistanyň Döwlet sirki 7-nji dekabrda sagat 18:00-da hödürlenjek sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.
Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dürli haýwanlaryň täsirli hereketleri, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň tomaşalary görkeziler.
Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Döwlet sirki size garaşýar.
Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «sirk.gov.tm» resmi web sahypasyndan onlaýn tertibinde hem satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34
