12-nji oktýabrda — ýekşenbe güni 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet sirkinde şowhunly sirk tomaşasy hödürlener.
Bu ýerde dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dürli haýwanlarynyň täsirli hereketleri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary, galyberse-de, «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň tomaşalary görkeziler.
Türkmenistanyň Döwlet sirki watandaşlarymyza garaşýar.
Petekleri onlaýn tertibinde satyn almak üçin «sirk.gov.tm» resmi saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95

