Ajaýyp yslaryň simfoniýasy: «Ramon Molvizar» brendiniň maýyl ediji atyrlary Türkmenistanda

MilliInfo

Indi uly meşhurlykdan peýdalanýan «Ramon Molvizar» atyrlaryny başga ýurtlardan getirmegiň ýa-da sargyt etmegiň zerurlygy ýok. «Ramon Molvizar» brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili tarapyndan hödürlenýän iň kämil önümler ýokary derejedäki atyrlaryň muşdaklaryny ýüpsüz baglar. Müşderiler onuň «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezindäki dükanynda ajaýyp atyrlaryň her biri bilen tanşyp, özlerine ýakyn yslary saýlap, brendiň gaýtalanmajak önümlerini satyn alyp bilerler.

Brendiň taryhy gysga setirlerde
«Ramon Molvizar» — özboluşly taryhy bolan ispan brendi. Ol Ispaniýanyň Sierra-Newada daglarynyň eteginde ýerleşýän Molwizar şäherçesinde Ramon Bejar atly zehinli we meşhur parfýumer tarapyndan döredilýär.

Kwars flakonlar (çüýşejikler) 
Şol wagt Sierra-Newada daglarynyň etegindäki derýalardan we köllerden kwars kristallary gazylyp alynýar eken. Ine, şu hem «Ramon Molvizar» brendiniň flakonlarynyň dizaýnyny döretmekde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
«Ramon Molvizar» atyrlarynyň flakonlary şol kwars kristallaryndan, başgaça aýdylanda, dag hrustalyndan ýasalýar. Olaryň şekili hem şol kristallary gaýtalaýar.
«Hrustal» sözi gadymy grek dilinden terjime edilende «kristal» ýa-da «buz» diýmegi aňladýar. Gadymy alymlar dag hrustalyny «ebedilik doňan we hiç wagt eremeýän buz» hasap edipdirler.

Flakonlaryň ýasalşy 
Bu brendiň ähli atyrlarynyň flakonlary dag hrustalyndan, gutulary bolsa seýrek we nepis agaçlardan Ispaniýanyň iň tejribeli hünärmenleri tarapyndan elde ýasalýar. Çünki şeýle ajap ysly atyrlaryň özüne çekiji görnüşde hödürlenmegi hökmanydyr.
«Ramon Molvizar» brendiniň şygarynyň «Sungat mysaly atyrlar» bolmagy hem ýöne ýerden däldir. Ajaýyp gaplara gaplanýan gaýtalanmajak atyryň ysy, hakykatdan hem, sungat eserini ýatladýar.

Flakonlara ýerleşdirilen altyn
«Ramon Molvizar» atyrlarynyň ählisiniň içine 23 karat altyn we platina ýerleşdirilen. Altyn we platina baýlygyň hem zynatlyň nyşany bolup, gymmat metallar «Ramon Molvizar» atyrlaryna özboluşly aýratynlyk bermekde, olary ulanýan adamlaryň hem özüni täsirli duýmagynda ähmiýetlidir.

Hoşboý yslar
«Ramon Molvizar» atyrlarynyň yslarynyň aýratyn pelsepesi bar. Olaryň her birine parfýumeriň kalbyndaky söýgi, duýgulary we uly zähmeti siňdirilýär. Bu atyrlar diňe tebigy, gymmat bahaly we seýrek duş gelýän ingrediýentlerden ýasalýar. Olaryň düzümi bolsa diýseň gizlin saklanýar. Şol sebäpli hem, bu atyrlaryň köpüsiniň mukdary çäklendirilendir.
«Ramon Molvizar» brendiniň parfýumerlerine täze atyr görnüşini ýasamak üçin 2 ýyldan gowrak wagt gerek bolýar. Çünki olar diňe üýtgeşik we gaýtalanmajak hoşboý yslary döredýärler.
«Ramon Molvizar» atyrlarynyň 3 derejeden ybarat bolan notalary we aýratyn şleýfi bar. Bu bolsa sepilen atyryň üstüňe özboluşly öwüşgin berip, uzak wagtlap saklanmagyna getirýär.

«Ramon Molvizar» şahasy
«Royal Molvizar» bu «Ramon Molvizar» brendiniň täze şahasy (liniýasy) bolup, zynaty, döredijiligi we jadyly täsirleri beýan edýär.
«Royal Molvizar» brendiniň atyrlary tükeniksiz söýginiň hekaýasydyr. Ol simfoniýa döredýän kompozitor mysalydyr. Çünki «Royal Molvizar» brendi atyrlaryny takyklyk we ussatlyk bilen esaslandyryp, olaryň müňlerçe yslaryň arasynda tapawutlanýan hakyky jadyly hem özüne çekiji atyrlar bolmagyny gazandy.

Biziň salgymyz: «Gül Zemin» söwda we medeni dynç alyş merkezi, 1-nji gat.

Instagram: ramonmolvizar.tkm

Tiktok: ramon_molvizar.tkm

E-mail: maxatbm@yandex.ru


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo