Ajaýyp zähmet üstünligi: Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

MilliInfo
Ajaýyp zähmet üstünligi: Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu belent sepgidiň eýelenmegi mynasybetli Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýörite eýwanynda toý sadakasy berildi.

Asylly zähmeti bilen bolçulygyň bereket akabasynyň sakasynda durýan hasyl ussatlarynyň eýelän belent sepgidi olaryň tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Şeýle zähmet ýeňşiniň gazanylan nurana gününde berilýän toý sadakasynda halkymyzyň däp-dessurlaryny, ruhy-ygtykat hem milli ýörelgelerini dabaralandyrýan ýene-de bir şanly waka hormat bilen bellenildi. Munuň özi maddy gymmatlyklaryň medeni miras, ruhy gymmatlyklar bilen mizemez sazlaşygyň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezdi. Täze eýýamymyzda ajaýyp wakalaryň hormatyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen toý sadakasynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän nurana metjidiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly haýyşlaryň we teklipleriň nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy bolsa Diýarymyzda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygynyň beýany boldy.

Bu ajaýyp zähmet üstünliginiň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info