18—23-nji oktýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwaly geçirildi. Türkmenistandan bu festiwala Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry B.Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly spektakly hödürlenildi.
Belli kino aktýory, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasynda öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alypdyr. Onda Aşgabat ýer titremesinde ýanýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň uzak ýyllaryň dowamynda Baku şäherinde bejergi alanyndan soň, perzendiniň gözlegine çykyşy görkezilýär. Onuň ogluny Nazira atly özbek zenany Daşkent şäherindäki çagalar öýünden ogullyk alýar. Jemal ejä perzendi Alyşiri seýis kakasy tarapyndan dagdandan bejerilip, çagaka boýnuna dakylan ak atyň heýkeljigi ýardam edýär.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» atly sahna eseri halkara teatr festiwalynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk mowzugy boýunça «Iň gowy sahna eseri» atly baýragyna mynasyp boldy.
Teatryň döredijilik topary halkara festiwalyň birnäçe baýragy bilen sylaglandy. Festiwlda türkmen hünärmenleriniň zähmetine ýokary baha berildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň baş ýolbaşçysy N.Hojaýew, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory M.Jumabaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň sport, syýahat we saglyk bölüminiň müdiri G.Hemraýewa TÜRKSOÝ-yň Hormat haty, halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşan we festiwalyň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant goşan ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň ähli agzalary Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.
