18-nji awgust Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi etrabyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler zalynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär. Çäre sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Şeýlelikde, kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidirler.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin: 800137-36-7-14.
