«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti Germaniýanyň «Grenzebach» kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk gurýar

MilliInfo

Türkmenistandayň «Ak Bulut» kompaniýasy halkara ösüşiniň täze tapgyryna gadam basyp, Germaniýanyň «Grenzebach» kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýýar. «Grenzebach» kompaniýasy senagat awtomatizasiýasy we önümçilik tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hasaplanýar.

Iki kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzirki zaman tehnologik çözgütlerini ornaşdyrmaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanda gurluşyk pudagynyň innowasion infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu hyzmatdaşlyk tejribe alyşmaga, Ýewropa hil standartlaryny ornaşdyrmaga we önümçilik proseslerini döwrebaplaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.

«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti gipsokarton, gury gurluşyk garyndylary, metal profiller we asma potoloklary öndürmek bilen tanalýar hem-de häzirki wagtda önümçilik kuwwatyny giňeldip, sebit bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. «Grenzebach» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk kärhana öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini we häzirki zaman awtomatizasiýa ulgamlaryny ulanmaga mümkinçilik berer.

Iki kompaniýanyň wekilleri strategik hyzmatdaşlygyň senagat pudagynyň ösüşinde möhüm ädim boljakdygyny hem-de Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belleýärler.

Bilelikdäki taslamalaryň önümiň hilini ýokarlandyrmaga, önümçilik proseslerini optimizirlemäge we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilmegine garaşylýar.

Telefon belgileri:

(+99312) 754243 / 754244

(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +993 62 14 00 44

Elektron poçta:

info.akbulut.es@gmail.com

info@akbulut.info

export@akbulut.info

Esasy ofis we şou-rum:

Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köçesi, jaý. 29/1, 1-3 gatlar

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info