4-nji aprelde ýurdumyzyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň nobatdaky möwsümine badalga berildi. Şol gün 1-nji tapgyryň çäginde duşuşyklaryň ikisi geçirildi.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Ahal» topary «Köpetdag» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Şagadam» topary Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.
1-nji tapgyryň duşuşyklary (04.04.2026ý):
«Ahal» – «Köpetdag» – 5:1
Gollar: 33 Süleýman Mirzoýew, 37 Oraz Orazow, 45 Yslam Annamyradow, 56 Hakmuhammet Bäşimow, 89 Ýakupmuhammet Bäşimow («Ahal») – 76 Mekan Amannyýazow («Köpetdag»)
«Şagadam» – «Nebitçi» – 1:0
Gol: 59 (11 m.j.u.) Serdar Gulyýew («Şagadam»)
Düýn — 5-nji aprelde bolsa dartgynly duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň jemleri jemlendi. Geçen ýylyň çempiony «Arkadag» topary «Mewri» 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, «Aşgabat» toparyny kabul eden «Altyn Asyr» topary hem çempionaty ýeňiş (4:1) bilen başlady.
1-nji tapgyryň duşuşyklary (05.04.2026ý):
«Arkadag» – «Merw» – 7:1
Gollar: 21 Rahman Myratberdiýew, 25, 72 Resul Hojaýew, 40 Ilýas Çaryýew, 52 Yhlas Toýjanow, 58 Baýram Ataýew, 63 Didar Durdyýew («Arkadag») – 78 Awdyresul Abdyýew («Merw»)
«Altyn Asyr» – «Aşgabat» – 4:1
Gollar: 18 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow, 31 Şatlyk Gurbanow , öz derwezesine, 35 Röwşen Halmämmedow, 90+3 Hoşgeldi Hojowow («Altyn Asyr») – 49 Wahyt Orazsähedow («Aşgabat»)
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji aprelde geçiriler: «Merw» – «Nebitçi», «Aşgabat» – «Şagadam», «Köpetdag» – «Altyn Asyr», «Arkadag» – «Ahal».